Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Mariupolda güýçli çaknyşyklar boldy


Gündogar Ukrainanyň Mariupol şäheriniň golaýyndaky Sartana obasy. 17-nji awgust, 2015 ý.

Gündogar Ukrainanyň Mariupol şäheriniň golaýyndaky Sartana obasy. 17-nji awgust, 2015 ý.

Gündogar Ukrainadan gowuşýan habarlarda öten agşam hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasyndaky araçäkde ýüz beren çaknyşykda ýedi adamyň ölendigi aýdylýar.

Aýdylyşyna görä, Ukrainanyň günorta-gündogar şäheri Mariupolde artilleriýadan hem peýdalanylypdyr.

Regionyň ýaşýajylary üç aýdan bäri bular ýaly agyr söweşiň bolmandygyny aýdaýarlar.

Žurnalistleriň bildirmegine görä, 17-nji awgustdaky atyşyk Mariupol şäheriniň gündogar çetindäki hökümet güýçleri bilen bu şäheriň gündogarynda orsýetçi separatistleriň kontrollygyndaky territoriýada ýerleşdirilen artilleriýa guýçleriniň arasynda bolupdyr.

Habarlarda Mariupolyň bäş kilometr gündogarynda ýerlşeýän oba Sartanada ençeme öýüň weýran bolup, bir nebit ammaryna hem zyýan ýetendigi aýdylýar.

Mariupoldaky regional polisiýa Sartanada separatistler tarapyndan atylan top zerarly parahat ilatdan iki adamyň - bir erkek hem bir aýalyň - ölendigini aýtdy.

Separatistler hem hökümet güýçleriniň Donetskiniň demirgazyk-gündogaryndaky Gorlowkany topa tutmagy netijesinde azyndan üç adam öldi diýýärler.

Separatistleriň kontrollygyndaky Donetskiniň resmileri şäheriň administrasiýa merkezinde ýarylan top oky zerarly azyndan iki adamynyň ölendigini bildirdiler.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 17-nji awgustda Moskwada aýtmagyna görä, gündogar Ukrainadaky soňky wakalardan çen tutulsa, Kiýewiň täzeden giň gerimli söweşe taýýarlanýan bolmagy mümkin.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier 16-njy awgustda gündogar Ukrainadaky ýagdaý dartgynly diýip, täze döremegi mümkin harby çaknyşyklaryň öňüni almak üçin gyssagly gepleşikleriň gerekdigini aýtdy.

Ol muny Germaniýanyň "Bild am Sonntag" gazetine beren interwýusynda belledi.

Öz aýtmagyna görä, Steinmeier dartgynlylygy gowşatmak üçin Kiýewiň we separatistleriň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bilen duşuşmaly diýip teklip edipdir.

Atyşyklary bes etmek üçin fewral aýynda Minskde gol çekilen ylalaşyk zorlukly hereketleriň 2015-nji ýylyň başlaryndan bäri belli bir derejede gowşamagyna getirdi.

Ýöne soňky hepdelerde bolýan çaknyşyklar köpelýär. Her gezeginde hem taraplar ylalaşygy bozdy diýip birek-biregi aýplaýarlar.

Söweşleriň aglabasy Mariupoly separatistleriň gözegçilindäki Donetsk şäherine birikdirýän ýolda bolýar.

Ukrain hökümeti Moskwany orsýetçi separatistleri goldamak üçin gündogar Ukrainada öz harby güýçlerinden peýdalanýanlykda aýyplaýar.

Bu aýdylýany görkezýän köp subutnamanyň bardygyna garamazdan, Orsýet bu konfliktde özüniň hiç hili harby rolunyň ýokdugyny tekrarlaýar.

2014-nji ýylda söweş turaly bäri gündogar Ukrainada 6400-den gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG