Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bitaraplyk senesine 372 çäre gurnady


Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň jaýy, Aşgabat
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň jaýy, Aşgabat

Türkmenistanyň Bitaraplyk senesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurduň içinde we daşynda jemi 372 çäre gurnaldy, diýip türkmen mediasy habar berýär.

Türkmen hökümetiniň şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça geçiren maslahatynda berlen sanlara görä, agzalan döwürde türkmen bitaraplygyna bagyşlanyp, Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça 98 sany halkara konferensiýasy, 15 brifing, 49 medeni we 41 sport çäresi geçirilipdir.

Türkmenistan özüniň bitarap döwletdigini 1995-nji ýylda yglan etdi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy kabul edildi.

XS
SM
MD
LG