Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Kanun çykaryjy ýaralandy


Howpsuzlyk resmisi Abdul Rashid Godile edilen hüjümde atylan oky tutup dur, Karaçi, 18-nji awgust, 2015.

Howpsuzlyk resmisi Abdul Rashid Godile edilen hüjümde atylan oky tutup dur, Karaçi, 18-nji awgust, 2015.

Pakistanyň Karaçi şäherinde oppozision kanun çykaryjysy 18-nji awgustda oka tutulyp ýaralandy, onuň ulag sürüjisi atylyp öldürildi.

“Muttahida Kaumi” hereketiniň agzasy Abdul Rashid Godile edilen hüjüm onuň partiýasynyň gatnaşmagynda çylşyrymly gepleşikleriň geçirilýän wagtynda ýüze çykdy.

Karaçide syýasy täsiri bolan hereketiň agzalary soňky wagtda howpsuzlyk güýçleriniň nyşanyna alnyp, reýdlere we tutha-tutluklaryna sezewar edilýär.

12-nji awgustda “Muttahida Kaumi” hereketiniň kanun çykaryjylary bu ýagdaýlara protest bildirip, Pakistanyň parlamentiniň düzüminden çykdylar.

Pakistanyň Sindh ýarym harby güýçleri “Muttahida Kaumi” hereketiniň aktiwistleriniň adam öldürmekde we guramaçylykly jenaýatçylyga gatnaşykda güman edilýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG