Sepleriň elýeterliligi

Abadi geňeşçileriň sanyny azaltdy


Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi hökümetiniň agzalaryna garaşýar, Bagdad, sentýabr, 2014.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi hökümetiniň agzalaryna garaşýar, Bagdad, sentýabr, 2014.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi ministrlikleriň işgärleri hökmünde işe alnan geňeşçileriň wezipelerini ýapýandygyny, şeýle-de öz geňeşçileriniň, prezidentiň we parlamentiň ýolbaşçysynyň geňeşçileriniň sanyny azaldýandygyny 18-nji awgustda aýtdy.

Bu çäreler 9-njy awgustda ýurtda başlanan giň derejeli reformalaryň çäginde amala aşyrylýar. Kampaniýanyň maksadynyň hökümetdäki korrupsiýany we ukypsyzlygy azaltmaklyga gönükdirilýändigi aýdylýar.

16-njy awgustda Abadi hökümetdäki 11 orny ýapdy we ministrleriň sanyny 33-den 22 çenli azaltdy.

XS
SM
MD
LG