Sepleriň elýeterliligi

Krym: Putin tatarlara duýduryş berdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin dini azlyklaryň wekilleri bilen duşuşýar, Ýalta, 17-nji awgust, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin dini azlyklaryň wekilleri bilen duşuşýar, Ýalta, 17-nji awgust, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin etnik azlygy bolan krym tatarlaryny Orsýet tarapyndan geçen ýylyň mart aýynda anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda ýörite statusa eýe bolmak ugrunda göreşmezlige çagyrdy.

Musulman dinli tatarlar Krymyň ilatynyň 10% emele getirýärler we Orsýetiň ýarymadany öz düzümine goşmagyna esasan garşy çykýarlar. Ikinji Jahan Urşy döwründe sowet diktatory Iosif Staliniň goly astynda köpçülikleýin deportasiýany başdan geçiren krym tatarlary ýarymadanyň häzirki häkimiýetleriniň hem goly astynda basyşlara sezewar edilýärler.

Putin krym ýarymadasyna üç günlük saparynyň dowamynda 17-nji awgustda ýerli etnik azlyklarynyň wekilleri, şol sanda tatarlar bilen duşuşdy. “Etnikara gatnaşyklar ynjyk meseledir”, diýip Putin duşuşygynda aýtdy.

Putin daşary ýurtlaryň adam hukuklaryny goraýjylary maliýeleşdirip, krym tatarlarynyň meselesini “ýagdaýy dartgynlaşdyrmak” üçin ulanýandygyny aýtdy we Moskwanyň muňa ýol bermejegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG