Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Eýran ylalaşygyny makullamagy ähtimal


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Eýranyň ýadro ylalaşygy babatynda Kongressde respublikanlar bilen gapma-garşylygynda “üstün çykmak üçin uly mümkinçiligi bar”, diýip Senatdaky köpçüligiň lideri Mitç MakKonnel 17-nji awgustda belledi.

Respublikanlaryň köpçüligindäki Senatda dünýäniň täsirli döwletleriniň Eýran bilen geçen aýda baglaşan ylalaşygynyň ret ediljegi çak edilipdi. Respublikanlar Eýran bilen ylalaşygy köpçülikleýin tankyt edýärler.

Emma Obama respublikanlaryň ylalaşygy makullamazlyk kararyna gadagançylyk girizjegini duýduransoň, onuň respublikan garşydaşlarynyň Kongressdäki ses berişlikde weto garşy durmak üçin zerur sesleriň üçden iki bölegine eýe bolup biljegine sorag döredi.

Mak Konnel Kentuki ştatynda eden çykyşynda bu meselede netijeleri öňünden çak etmegiň kyndygyny belläp, Obamanyň “üstünlik gazanmak üçin henizem uly mümkinçiligi” bar diýdi.

XS
SM
MD
LG