Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik syýasatçysy çet türmä geçirildi


Täjik syýasatçysy Azatlyk radiosyna interwýu bereninden az salym soň gyrak-çetdäki türmä geçirildi.

Täjigistanyň Demokratik partiýasynyň ozalky lideri, 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Mahmadruzi Iskanderow geçen hepde Azatlyk radiosyna interwýu berip, 1997-nji ýylda Täjigistandaky raýat urşuny soňlan parahatçylyk şertnamasyny sorag astyna aldy.

1992-nji ýylda turan uruş, şertnama gol çekilýänçä, azyndan 50 müň adamy öldürdi. Iskanderow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde şertnamanyň «ýalňyş», parahatçylygyň «galp» bolandygyny, aýtdy.

Iskandarowyň dogany Abbosiddin Homidow 18-nji awgustda Azatlyk radiosyna syýasatçynyň interwýuda «öz garaýşyny» aýdanlygy» üçin başga türmä geçirilendigini aýtdy.

Homidow Iskandarowyň, metbugatdan uzakda bolmagy üçin, Duşenbedäki türme kamerasyndan uzakdaky Wahdat şäheriniň türmesine geçirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG