Sepleriň elýeterliligi

Owganystan-Pakistan: Serhetde 7 esger öldi


Owganystan Pakistanyň ilçisini çagyryp, iki ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky söweşler barada düşündiriş bermegi talap etdi. Söweşde Owganystanyň serhet polisiýasynyň sekiz esgeri wepat boldy.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň 18-nji awgustda agşam ýaýradan beýannamasynda Pakistanyň güýçleriniň Owganystanyň Kunar regionyndaky serhetden güýçli top oklarynyň atylmagy bilen baglylykda berk nägilelik bildirendigini mälim etdi.

Ministrlik “Pakistanyň harbylarynyň şeýle hereketleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täsir ýetirjekdigini” duýdurandygyny aýtdy.

Owganystanyň Kunar etrabyndaky polisiýasy Pakistanyň goşunlarynyň serhediň öz tarapynda öz serhetçileriniň birini öli tapansoň 17-nji awgustda serhetden ok atyp başlandygyny aýtdy.

Owganystanlylar 19-njy awgustda Garaşsyz gününiň bellenýän senesinde köçä çykyp serhetde bolan wakalara gahar-gazap bildirdiler.

XS
SM
MD
LG