Sepleriň elýeterliligi

Orsýet estoniýala içalyçylyk boýunça iş kesdi


Eston Kohwer

Eston Kohwer

Orsýetden gowuşýan maglumatlara görä, Pskow regionynyň sudy Estonianyň içerki howpsuzlyk gullugynyň ofiseri Eston Kohweri içalyçylykda aýyplap, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi we oňa 100 000 rubl möçberde jerime saldy.

Suduň 19-njy awgustda çykaran hökümine laýyklykda Kohwer tussag möhletini Orsýetiň berk goragdaky tussaghanasynda geçirer.

Estonia aýyplamalary ret edýär we Kohweriň Estoniýanyň giňişliginde orsýet agentleriniň gabawyna düşendigini we 2014-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Orsýete äkidilendigini aýdýar.

Talindäki resmiler Kohweriň serhede golaý ýerde guramaçylykly jenaýat topary bilen bagly gaçakçylyk işini derňemek üçin syrly adam bilen duşuşan wagtynda guramalaşdyrylan operasiýanyň netijesinde ogurlanandygyny aýdýarlar.

Kohwer ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Talline sapar edip, eston resmilerine NATO-nyň ýardamyny wada bermeginden birnäçe gün yzýany ogurlandy.

XS
SM
MD
LG