Sepleriň elýeterliligi

Atşynaslar Kärizowy goýbermäge çagyrýar


Geldi Kärizow

Geldi Kärizow

Dünýäniň çar künjeginden bolan atşynaslar, seýisler, çapyksuwarlar we atçylyk senedi bilen gyzyklanýan ýazyjylar, žurnalistler, hudožnikler Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowa hat ýazyp, ony ýurduň atçylyk pudagynyň öňki başlygy, türme tussaglygyndan aman galan Geldi Kärizowyň maşgalasy bilen, medisina bejergisi üçin, Orsýete gitmegine rugsat bermäge çagyrdylar.

Geldi Kärizowyň işi boýunça alnyp barylýan kompaniýanyň guramaçylarynyň biri, ol baradaky materiallary Angliýada döredilen «Geldi» atly internet saýtynda ýerleşdirýän Jil Sattl Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Kärizowyň «Owdandape» türmesinde bolan wagtyndan bäri hassadygyny, Türkmenistanda zerur bolan medisina bejergilerini alyp bilmändigini, zerur dermanlary hem alyp bilmeýändigini aýtdy.

Şeýle-de Jil Sattl Kärizowyň ýörite saglyk spesialistlerine görünmelidigini, onuň saglygynyň gaty çaltlyk bilen ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

«Geldi toparynyň» adyndan türkmen prezidentine iberilen hatyň başynda Geldi Kärizowa golaýda berlen iki sany halkara derejesi barada habar berilýär:

«Hormatly prezident Berdimuhamedow, biz siziň aly hezretleriňizi we Türkmenistany ilkinji türkmeniň, jenap Geldi Kärizowyň Beýik Britaniýanyň Patyşalyk geografiýa jemgyýetiniň kärdeşligine, şeýle-de onuň Halkara Long Riders' Guild - uzak aralyga at çapýanlaryň birleşigi - guramasynyň, dünýäniň ilkinji atşynaslyk barlaglary assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi bilen gutlaýarys» diýip, 19-njy awgustda iberilen hatyň başynda aýdylýar.

Türkmenistanyň abraýy üçin

Angliýaly atşynas Jil Sattlyň pikiriçe, Geldi Kärizowyň saglygyna seretdirmek üçin ýurtdan goýberilmegi Türkmenistan üçin abraý bolar. Ol «soňky 13 ýylda näme boldy, Türkmenistanyň abraýyna umuman ullakan zyýan ýetirildi» diýýär we Geldi Kärizow bilen bagly ýagdaýyň dünýäniň ahal-teke atlaryna janköýerlik edýän adamlaryny gaty sarsdyrandygyny aýdýar.

Geldi Kärizowa rehim edilmegi, onuň saglygyna seretdirmäge rugsat berilmegi, onuň degişli at-derejelerine mynasyp görülmegi dünýäniň ahal-teke atlaryny söýýän abraýly atşynaslary bilen resmi Aşgabadyň arasyndaky ýagdaýyň gowulaşmagyna getirer diýip, Sattl pikir edýär.

Türkmen prezidentine iberilen hata gol çekenleriň arasynda ýazyjy we telewideniýe alyp baryjysy Bro Skot, Orsýetiň dünýä belli Stawropol ahal-teke atlary zawodynyň direktory Aleksandr Klimuk, 1995-nji ýyldan bäri Sasseksdäki fermasynda ahal-teke atlaryny kemala getiren Marina Böri, Birleşen Ştatlaryň ahal-teke atlary boýunça dört sany esasy atşynasy we beýlekiler bar.

«Geldi toparynyň» metbugat üçin ýaýradan beýanatynda Türkmenistanyň ahal-teke atlary boýunça halkara derejesinde ykrar edilen tanymal atşynaslaryň biri bolan Kärizowyň 2002-nji ýylda türmä basylandygy ýatladylyp, oňa ýöňkelen günäleriň umuman galp hasaplanylýandygy aýdylýar.

Bu toparyň ýatlatmagyna görä, Kärizowyň ýagdaýy bilen bagly mesele BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynda hem gozgaldy, Halkara Günä geçiş guramasy Kärizow babatda üç gezek gyssagly herekete çagyrýan beýanat çap etdi, onuň işi Angliýada we Ýewropa Bileleşiginiň parlamentinde, halkara HRW guramasynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, toparyň beýanatynda 2007-nji ýyldaky umumy amnistiýa esasynda türmeden boşadylandygyna garamazdan, Kärizowyň yzygiderli gözegçilik astynda saklanyp, wagtal-wagtal eli gandally, käte aýaly we 12 ýaşly gyzy bilen bilelikde, Polisiýa stansiýasyna “soraga” äkidilendigi aýdylýar.

«Geldi topary» Kärizowyň Türkmenistanyň ýakasy gaýyşly «Owdandepe» türmesinde saklanan döwründe uçran keselleriniň köpüsiniň bejerilmän galandygyny aýdýar.

Geldi Kärizow, ýaş seýis, dünýä belli atşynas, ozalky tussag

Geldi Kärizow, ýaş seýis, dünýä belli atşynas, ozalky tussag

Emma, habarlardan mälim bolşuna görä, Kärizow geçen dekabrda we şu aýyň başynda, maşgalasy bilen Orsýete girmek hukugyny berýän wizasynyň bardygyna garamazdan, Aşgabat aeroportyndan yza gaýtaryldy.

«Biz jenap Kärizowyň saglygy we onuň ýagdaýlary barada ullakan alada edýäris” diýip, hatyň awtorlary onuň Türkmenistandaky atçylyk senediniň öňünde bitiren taryhy hyzmatlaryna we golaýda alan at-derejeleri bilen öz ýurduna getiren ullakan abraýyna çuňňur hormat goýýandyklaryny aýdýarlar.

«Jenap Kärizow Şweýsariýa, Long Riders' Guildiň, halkara atşynaslyk barlaglary birleşiginiň maslahatyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle-de ol indi uzak wagt bäri, birnäçe hassalyk ýagdaýlary sebäpli, daşary ýurtda saglygyna seretdirmäge çalyşýar. Emma geçen ýyl onuň Orsýete saglygyny bejertmäge gitmek üçin alan wizasy ýatyryldy» diýip, Türkmenistanyň prezidentine hat ýazan atşynaslar onuň Geldi Kärizowa hem-de onuň maşgalasyna daşary ýurtda syýahat etmäge rugsat bermegine çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG