Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda 15000 kiber 'jenaýatçy' tutuldy


Hytaýyň polisiýasy kiber jenaýatçylykda güman edip, 15 000 adamy tussag etdi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň 18-nji awgustda aýtmagyna görä, bu çäre hökümetiň internete gözegçiligini güýçlendirmeginiň çäginde amala aşyrylypdyr.

Polisiýa tutuş ýurt boýunça 66 000 websaýt babatynda kiber jenaýatçylyklara, şol sanda websaýtlary döwmek, onlaýn pul ogurlamak we hususy informasiýany satmak ýaly meselelere degişli bolmakda güman edilýän 7400-den gowrak işi derňedi, diýip ministrlik habar berdi.

Häkimiýetler internety arassalamak boýunça alty aýlyk ýörite operasiýalary iýul aýynda başlady.

Pekin internete kanunlar hem düzgünler esasynda dolandyrylmaly wirtual territoriýa hökmünde garaýar.

XS
SM
MD
LG