Sepleriň elýeterliligi

'YD" 82 ýaşly alymyň kellesini kesdi


“Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri Siriýanyň gadymy Palmira şäherinde gadymky döwri öwrenýän alymy jezalandyrdy. Alymyň kellesi kesilen jesediniň şäheriň merkezinde diňde asylyp goýlandygyny, Siriýanyň gadymy mirasy boýunça resmisi 18-nji awgustda aýtdy.

Siriýanyň gadymy mirasy boýunça döwlet resmisi Maamoun Abdulkarimiň aýtmagyna görä, 82 ýaşly alym Haled Asaadyň “YD” topary tarapyndan öldürlendigi barada onuň maşgalasynyň özüne habar berendigini aýtdy.

Alym 50 ýyllap Palmiranyň taryhy boýunça iş alyp barypdy.

Habar berilişine görä, Asaad aşa radikal sünni musulman topary tarapyndan bir aý çemesi wagt mundan ozal tussag we sorag edilipdir. Maý aýynda bu topar Palmira şäherini hökümet güýçleriniň elinden basyp alypdy.

Abdulkarim Asaadyň halkara arheologik žurnallarynda çap edilen ençeme ylmy işleriň awtorydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG