Sepleriň elýeterliligi

Türkmensähraly zenanlaryň jemgyýetdäki roly


Eýranly türkmenler.

Eýranly türkmenler.

Eýranda etniki türkmenleriň ýaşaýan ýeri Türkmensähra, baranyňda, keminden adamlaryň adaty durmuşyny göz öňünde tutup aýtsaň, Eýranyň beýleki uly şäherlerine mahsus alamatlar gaty seýrek göze ilýär.

Bu sebiti ýurduň beýleki regionlaryndan tapawutlandyrýan zatlardan birem, türkmenleriň özüne mahsus däp-dessurlaryny saklap galyşlary, bu ýagdaýa esasanam türkmen zenanlaryň geýim-gejimlerinden göz ýetirip bolýar.

Olaryň aglabasy Eýranyň beýleki regionlaryn mahsus gara ýaglyk däl-de, türkmeniň saçakly gyz-ýaşyl ýaglyklaryny dakynýarlar, türkmeniň uzyn köýnegini geýýärler, ululy-kiçili türkmen dilinde gürleşýärler.

Eýranly türkmenler, zenanlaryň aktiwligi bilen hem öňe saýlanýar, olar medeniýet, edebi we ýaşaýan ýurdunyň kanunlarynyň çäginde jemgyýetiň islendik pudagynda aktiw rol oýnaýarlar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda Eýrandaky türkmensähraly türkmen zenanlar bilen olaryň jemgyýetdäki roly, türkmençilik aladalary barasynda söhbetdeşlik geçirýär.

Bu temadaky gepleşige gatnaşmak hem goşant goşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen habarlaşyp bilerler.

Bu temadaky pikirleriňizi, maglumatlaryňyzy we teklipdir, bellikleriňizi bolsa aşakdaky forumda teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz. Pikirleriňize garaşýarys!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG