Sepleriň elýeterliligi

Baku: Ismaýilowanyň sudy dowam edýär


Ismaýilowanyň sud diňlenişiginiň geçýän wagtynda, Baku, 7-nji awgust, 2015

Ismaýilowanyň sud diňlenişiginiň geçýän wagtynda, Baku, 7-nji awgust, 2015

Bakunyň sudy derňeýji žurnalist Hadija Ismaýilowanyň işi boýunça diňlenişigini 19-njy awgustda dowam etdirdi.

Bu diňlenişige žurnalistler ýene-de goýberilmedi.

Žurnalistleriň ençemesi Azerbaýjanyň milli baýdagynyň reňklerinde ýaşyl we gyzyl şarlary Ismaýilowanyň suratlaryna daňdylar we Bakunyň Agyr jenaýatçylyklar boýunça şäher sudunda diňlenişigiň geçýän wagtynda asmana uçurdylar.

Ismaýilowanyň tarapdarlary “Hadija azatlyk!” diýen şygarlary öňe sürdüler.

AÝ/AR-sy bilen işleşen 39 ýaşly Ismaýilowa nebte baý Azerbaýjanda resmileriň korrupsiýa baş goşmagy barada taýýarlan maglumatlary üçin ençeme abraýly baýraga mynasyp boldy. Ol ogurlykda, salgytdan gaçmakda we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp sud edilýär.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we günbatar hökümetleri Ismaýilowanyň işini syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG