Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili Orsýetiň Gürjüstanyň bölüniji regionlary bolan Abhaziýada we Günorta Osetiýada harby maşk geçirmegini ýazgardy.

Ol «Gürjüstanyň basylyp alnan territoriýasynda harby manýowr geçirmek kabul ederlik däl» diýdi.

Margwelaşwiliniň daşary işler geňeşçisi Tengiz Phalaze 19-njy awgustda prezidentiň bu mesele boýunça halkara jemgyýetçiligine ýüz tutmagy, ýagny Orsýetiň Gürjüstanyň topragynda harby maşk geçirmegine degişli baha berilmegine çagyrmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Rus goşunlary 2008-nji ýylyň awgustynda bolan rus-gürji urşundan bäri Günorta Osetiýada we Abhaziýada galmagyny dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG