Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Wall Street Journal" aýyplamany ret etdi


«The Wall Street Journal» Eýranyň döwlet mediasynyň içalyçylyk aýyplamalaryny ret etdi.

Eýranyň «Keýhan» gazeti we beýleki neşirleri amerikan gazetiniň uly habarçylarynyň biri Farnaz Fassihini eýran hökümetiniň garşysyna içalyçylykda we dil düwüşmekde aýyplapdy.

Aýdylmagyna görä, ol hamala, Obama adminstrasiýasynyň gizlin ýumşy esasynda, 2009-njy ýylda Eýranyň oppozisiýadaky Ýaşyl hereketiniň içinden aragatnaşykçy gözläpdir.

Bu hereket dawaly prezident saýlawlaryndan soň uly protestleri gurnapdy.

«2003-nji we 2014-nji ýyllar aralygynda “Wall Street Journalyň" Eýrandaky we Ýakyn Gündogardaky habarçysy bolan Fassihiniň garşysyna bildirilýän aýyplamalar durşuna galp, ugursyz we jogapkärçiliksiz» diýip, gazet aýtdy.

XS
SM
MD
LG