Sepleriň elýeterliligi

Lenkoran bilen Astarada "halal" plýaž talap edilýär


Hazar deňziniň azeri kenary.

Hazar deňziniň azeri kenary.

Lenkoranyň ýaşaýjysy, hukukçy Sadreddin Kazymow özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda şeýle ýazypdyr: "Bu gün gaty geň bir ýagdaýa şaýat boldum. Alla öz merhemetini biziň ýurdumyzdan biraz daşlaşdyran ýaly. Bu gün munuň sebäbine düşündim. Häzir tomus wagty. Plýažlardaky eden-etdilikleriň hetdi-hasaby ýok. Zenanlar bilen erkek adamlaryň plýažlary garym-gatym bolup gidipdir".

Gündelik durmuşynda ybadata ürç edýän Sadreddin Kazymow şeýle ýagdaýa garşy soňuna çenli göreşjekdiklerini ýazypdyr.

Her ýyl tomus gelende, plýažlar dindarlar tarapyndan şuňa meňzeş berk tankytlara duçar edilýär. Ýöne, muňa garamazdan plýažlar owal adatça bolşy ýaly, öz işine dowam edýärler.

Hazar deňziniň azeri kenary.

Hazar deňziniň azeri kenary.

Azerbaýjanyň günortasynda diniň berk tutulýandygy nazara alnanda, aýdylýanlaryň ugrunyň bardygyna güwä geçse bolýar. Metjitlerde zenanlar erkek adamlardan aýratynlykda namaz okaýarlar. Ýas märekesinde hem zenanlaryň bolýan ýeri aýratyn. Olar erkek adamlardan tapawutlylykda merhumyň jaýlanyşyna gatnaşmaýarlar.

Öňki döwürlerde gyz toýy erkek adamsyz geçirilýärdi. Soňky wagtlarda dükanlaryň daşynda hyjaply satyjy gyzyň işe alynjakdygy barada asylan bildirişlere hem duş gelnip başlady.

Etraplaryň aglabasynda diýen ýaly yslam dininiň kadasyna gabat gelýän önümleri satýan dükanlar iş alyp barýarlar. Yslam kadalaryna gabat gelýän ýagdaýda geçirilýän "derwiş toýlary" (zikirler) hem indi ýörgünli bolup barýar. Indi bolsa dindarlar "halal" plýaž isleýärler.

"Zenan bilen erkek adamyň plýažy aýratyn bolmaly"

Sadreddin Kazymow, Azatlyk Radiosyna bu mesele boýunça plýažlaryň eýeleri bilen görüşmek isleýändigini bildiripdir: ”Zenanlar bilen erkek adamlaryň plýažy aýratyn bolmaly. Plýažlaryň birinde ogurlyk bolupdy.

Şonda adamlaryň gözüniň öňünde şübhe edilýän zenanlaryň endamyny elläp, barlap çykdylar. Eýranda zenanlaryň plýažlary aýratyn. Bizde hem şeýle bolmaly. Adamlar arkaýyn dynç alyp bilmeli. Zenan bilen erkek adamyň plýažlarynyň umumy bolmagy ahlaksyzlyga hem sebäp bolup bilýär".

"Nämährem adam zenany plýaž eginbaşynda görmeli däldir"

”Kawkaz musulmanlary” edarasynyň günorta sebiti boýunça dini ýolbaşçysy hajy Mirkyýas Aga Azatlyk Radiosyna beren beýannamasynda adamlaryň şeýle isleglerine oňaýly baha berýär: ”Adam azat doglandyr we erkin ýagdaýda dynç almaga hem özüni bejertmäge haky bardyr. Nämährem adam zenany plýaž eginbaşynda görmeli däldir. Yslam kadasyna görä, plýažlaryň aýratyn bolany gowudyr".

"Bu ýerde adam hukuklary meselesi hem bar"

Astara etrabynyň ýaşaýjysy, medeniýet işgäri Wakif Ahmedoglunyň pikriçe bolsa, bu jedelli bir mesele: "Oba ýerlerinde azerbaýjanly zenanlar şeýle umumy plýažlara gitmäge çekinýärler. Plýaž eginbaşly azerbaýjanly zenana gaty seýrek duş gelýärin. Ýagny, men, elbetde, oba ýerlerindäki ýagdaý barada gürrüň edýärin. Yslam kadasyna gabat gelýän plýaž eginbaşy ýok. Kämillik ýaşyna ýetmedik kiçijik gyzjagazlar plažlarda suwa düşýärler. Şol bir wagtyň özünde bizde din döwletden aýry. Bu ýerde adam hukuklary meselesi hem bar. Malaýziýada plýažlar, adatça, görä ikä bölünýär. Plýažlarda bölümleriň arasy örülen gamyş bilen ýapylýar".

Günortadaky şäherlerde zenanlaryň aýratyn plýažlary bar

Wakif Ahmedoglunyň bellemegine görä, bu ýerde ruhyýet (mental) tarapy hem göz öňünde tutulýar: "Astara bilen Lenkoranyň arasynda Hazar deňziniň kenarýakasynda ýigrimä goläý şäher ýerleşýär. Olaryň hemmesem şol bir kadalara eýerýärler. Zenanlar erkek adamlardan aýratynlykda we hut eginbaşly suwa düşýärler. Bu ýerde meseläni dramatizirlemegiň geregi ýok. Halal plýažlaryň bolmagyny talap edýärin. Şeýle edilse, adam hukuklaram basgylanmaz".

"Bu ýerde ýat adamlar bar, soň men ärimiň ýüzüne nädip seredeýin"

Hazar deňziniň kenaryndaky birnäçe plýaža baryp gördük. Zenanlaryň aglabasy deňiz kenaryna dynç almaga gelýärler. Deňizde suwa düşüp ýören zenanlaram gördük. Olar ýapyk eginbaşly suwa düşýärdiler.

Adyny ajan etmekden saklanan bir zenanyň aýtmagyna görä, ol näler suwa düşmek isleýär, ýöne suwa düşülýän eginbaşy ýok: "Bu ýerde ýat adamlar bar, soň men ärimiň ýüzüne nädip seredeýin? Utanýaryn. Plýaž aýratyn bolan bolsady, onda başga gürrüň. Deňiz kenarynda zenanlaryň bolýan ýerine tuty çekilse ýa-da germew goýulsa, gowy bolmazmy? Halal plýažlar gerek. Ony edýän barmy hany? Bu ýerde ahlak meselesi bar. Deňizde suwa düşülýän eginbaşda bedeniň ýalaňaç galýan ýerleri bar. Biziň ýaly musulman zenanlaryň suwa düşýän eginbaşam başgaça bolmaly. Ärim, oglum, gyzym we özüm hemmämiz suwa düşülýän eginbaşda bir ýerde nädip suwa düşüp bileris? Ahlak bozular. Soňky wagtlarda käbir aýal-gyzlary plýaž eginbaşynda görýäris. Olar başga ýurtlarda ýaşaýan maşgalalardyr we bärik myhmançylyga gelendir. Olar üçin hiç zadyň tapawudy ýokdur".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG