Sepleriň elýeterliligi

“Ýaşaýjylaryň arzasyna resmi jogap berilmedi”


Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biriniň girelgesine ýerleşdirilen split sistemasy.

Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biriniň girelgesine ýerleşdirilen split sistemasy.

Tomus paslynyň başlamagy bilen, paýtagt Aşgabadyň ençeme kiçi etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň käbir ýaşaýjylary öz split sistemalaryny, ýagny sowadyjylaryny jaýyň girelgelerine oturdyp başladylar.

Bu çäre degişli türkmen resmileriniň ýaşaýjylardan split sistemalary köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň penjirelerinden aýyrmagy talap etmeginiň yzýany amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Parahat-2 kiçi etrapçasynyň käbir ýaşaýjylarynyň split sistemalarynyň girelgelere oturdylmagy bilen baglanyşykly öz nägileligini bildirip, degişli türmen resmilerine arza bilen ýüz tutandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, gürrüňi edilýän sebitde ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG