Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG: Habarlar işlerimizi nädogry görkezýär


Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň baş direktory Ýukiýa Amano.
Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň baş direktory Ýukiýa Amano.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň başlygy bu gurama ýadro barlaglaryny Eýrana tabşyrypdyr diýilýän habaryň özüni "birahat" edendigini aýdýar.

Guramanyň baş direktory Ýukiýa Amano 20-nji awgustda beren beýanatynda bular ýaly çykyşlar "biziň alyp barjak mümkin bolan barlag işlerimiziň ýoluny nädogry görkezýär" diýdi.

Habar agentligi AP 19-njy awgustda özüniň Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň arasynda baglaşylan bir ýaşyryn ylalaşygyň taslamasyny görendigini habar berdi.

Bu ylalaşyk boýunça atom ýaraglaryny öndürmek bilen baglanyşykly synaglar geçirilýär diýip güman edilen Perçindäki (Eýran) ýadro desgalaryny eýranly inspektorlar barlamaly.

Amano goşmaça ylalaşygyň ýaşyryndygyny belläp, "men bu çäräniň tehniki taýdan sagdyn we biziň uzak wagt bäri alyp barýan işlerimize gabat gelýändigini aýdyp bilýärin" diýdi.

"Halkara barlaglaryny halkara barlagçylary geçirmeli"

Birleşen Ştatlarda Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygyna garşy adamlar AP agentliginiň habaryna derrew reaksiýa görkezdiler. Öňümizdäki aý bu ylalaşyk barada amerikan Kongresinde ses berişlik bolar.

Wekiller palatasynyň Daşary işler komitetiniň başlygy Ed Roýs (respublikan-Kaliforniýa): "Halkara barlaglaryny halkara barlagçylary geçirmeli" diýdi.

Respublikanlaryň prezidentlik kandidaty Jeb Buş hem ylalaşygy "fars", ýagny “pyrryldak” diýip atlandyryp, "terrorizmi goldaýan bir döwletiň ýadro barlagçylary abraýly sistemada işläp bilmez" diýdi.

AP agentliginiň habaryndan soňra Ak tam özüniň Halkara Atom Energiýasy Gullugyna ynanýandygyny aýtdy.

“Adatdan daşary zat”

"Biz gullugyň Eýranyň öňki programmasynyň mümkin bolan harby gerimlerini barlamak baradaky tehniki planlaryna ynanýarys. Bu mesele käbir halatlarda 10 ýyldan gowrak mundan ozala degişli" diýip, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sözçüsi Ned Praýs 19-njy awgustda aýtdy.

Ol şeýle hem atom häkimiýetleriniň Eýran bilen bolan ýaşyryn ylalaşygy "gullugyň Eýranyň taryhy işjeňligini barlamagynda bolan bir adatdan daşary zatdy" diýdi.

Wekiller palatasynda demokratlaryň başlygy bolan Nansi Pelosiniň bellemegine görä, AP agentliginiň goşmaça ylalaşyk baradaky habary geljekki ýadro meseleleri bilen däl, eýse geçmişde bolan harby işleri barlamak bilen baglanyşykly.

Pelosi: "Men bu ylalaşyga çyndan ynanýaryn" diýdi.

“Medianyň çaklamasy”

Döwlet telekanalynda aýdylmagyna görä, Eýranyň ýadro gullugynyň sözçüsi Behruz Kamalwandi AP-niň habary "medianyň çaklamasy" diýipdir.

AP habar gullugynyň aýdýan taslamasy boýunça Halkara Atom Gullugy barlagy özi geçirmän, Perçindäki ýadro desgalaryny barlaýan eýranly inspektorlara gözegçilik eder.

Halkara Atom Energiýasy Gullugyna Perçine baryp görmäge ençeme ýyllap ýol berilmedi. Eýran özüniň ýadro ýaragyny öndürme niýetiniň ýokdugyny, geçmişde hem bu ugurda hiç hili iş alyp barmandygyny aýdýar.

Atom häkimiýetleri satellit bilen alnan suratlara esaslanyp, Eýranyň Perçinde atom ýaraglary boýunça synag işlerini geçiren bolmagy mümkin diýip güman edýär. Tähranyň beýleki desgalarda hem başga ýarag işlerini kämilleşdiren bolmagy ähtimal.

Perçindäki güman edilýän iş 10 ýyldan gowrak mundan ozal togtadylanyndan soňra-da Birleşen Milletler Gurmasynyň atom häkimiýetleri, ýene-de satellit suratlaryna esaslanyp, ýadro desgalaryny arassalamak üçin edilýän bolmagy mümkindir öýdülýän synanyşyklar hakdaky subutnamalara ençeme gezek salgylandylar.

XS
SM
MD
LG