Sepleriň elýeterliligi

Global maliýe bazary çökdi


Hytaýyň maliýe bazaryndaky çökgünlilik 20 awgustda dünýäniň maliýe biržalaryna täsir ýetirdi we global ykdysady ösüşiň haýallamagyna bildirilýän aladalanmalary artdyrdy.

Dow Jones senagat görkezijisi 358 punkt pese gaçdy.

“Iň uly mesele, biz Hytaýyň ykdysadyýetiniň näderejede haýallaýandygyny bilmeýäris”, diýip Wunderlich neşriniň bilermeni Art Hogan belleýär.

Ähli ýurtlaryň söwda indeksi (MSCI) çökgünlilige ýakyn ýedi aýlyk derejeden soň 1.5% ýitirdi. Ýewropanyň aksiýalary 1.9% peseldi we Germaniýa DAX indeksi 2.1% peselip ýanwar aýyndan bäri iň aşak dereje görkezdi.

Aziýada MSCI indeksiniň 1.5% peselmegi Aziýa-Ýuwaş okean regionynda soňky iki ýylyň dowamynda iň pes dereje boldy.

Gazagystan walýuta bazaryndaky durnuksyzlyga degişli çäreleriniň çäginde öz milli pulunyň daşary ýurt walýutalaryna gatnaşygyny saklamak boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy. Munuň netijesinde gazak teňňesi öz hümmetiniň dörtden bir bölegini ýitirdi.

XS
SM
MD
LG