Sepleriň elýeterliligi

Karter: Türkiýe 'YD' garşy has köp iş etmeli


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

Türkiýe “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşmek üçin has köp hereket etmeli, aýratynam, Siriýa bilen öz serhedine, “YD” toparynyň täze hakyna tutulan agzalarynyň adatça geçýän ýerlerine gözegçiligi güýçlendirmeli, diýip ABŞ-nyň goranmak sekretary 20-nji awgustda aýtdy.

Pentagonyň müdiri Aşton Karter Türkiýäniň “YD” toparyna garşy koalisiýa goşulmaga razylyk bildirendigini, emma onuň indi bir ýyla golaý wagt bäri howadan amala aşyrylýan zarbalar üçin öz harby uçarlaryny goşmalydygyny aýtdy.

“Olaryň howa zarbalaryna goşulyşmagy gerek we olar öz serhedine gözegçilik ugrunda has köp işlemeli. Biz muny açyk aýtdyk”, diýip Karter belledi.

Türkiýäniň “YD” toparyna garşy söweşlere gatnaşmagy çäkli bolmagyna galýar we ýurt kürt separatistlerine garşy ýakynda gaýtadan dikelden urşuna has köp üns bermäge ýykgyn edýändigini görkezýär.

XS
SM
MD
LG