Sepleriň elýeterliligi

“Doganymdan sekiz ýyldan bäri habar ýok”


Garkyn etrabynda ýaşaýan owgan türkmenleri.

Garkyn etrabynda ýaşaýan owgan türkmenleri.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Garkyn etrabynyň ýaşaýjysy öz doganynyň mundan sekiz ýyl çemesi wagt öň türkmen serhetçileri tarapyndan tutulyp alnyp gidilendigini we şondan bäri ondan hiç hili habar alyp bilmeýändiklerini aýdýar.

Garkynly Muhammet Zahyr Amyderýanyň kenarynda balyk tutýan mahaly tussag edilen doganynyň aýatda bolup-bolmandygyny hem bilmeýändiklerini belleýär. Ol öz doganynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, türkmen diplomatlaryna hem ýüzlenendigini nygtaýar.

Şeýle-de, Muhammet Zahyr öz sesini türkmen häkimiýetlerine eşitdirmek maksady bilen Azatlyk Radiosyna ýüzlenendigini aýdýar. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG