Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Kohweriň işi boýunça Günbataryň tankydyny ret edýär


Orsýet özüniň eston polisiýa ofiserini içalyçylykda aýyplap, 15 ýyl türme tussaglygy barada höküm çykarmagyna Günbatar tarapyndan edilýän tankytlary ret etdi.

Pskow regionynyň sudunyň 19-njy awgustda çykaran karary Moskwanyň we Günbataryň arasyndaky dartgynlylygy ýene güýçlendirdi.

Orsýetiň Dşary işler ministrligi suduň Orsýetiň we halkara kanunlaryna laýyk geçirilendigini we Eston Kohweriň ähli hukuklarynyň berjaý edilendigini 20-nji awgustda aýtdy. Daşary işler ministrligi Günbatary jenaýat işini “syýasylaşdyrmakda” aýyplady.

Orsýet Kohweri geçen ýylyň sentýabr aýynda içalyçylyk aýyplamalary esasynda tussag edildi we ony öz territoriýasynda ele salandygyny aýtdy. Tallin Kohweriň serhede ýakyn ýerden ogurlanyp äkidilendigini aýdýar we onuň tussaglygyny bikanun, diýip atlandyrýar.

Brussel we Waşington Orsýetiň Kohwer babatyndaky hereketleriniň halkara kanunlaryna ters gelýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG