Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 45 söweşijini öldürendigini aýdýar


Pakistanyň harbylary ýurduň demirgazyk-günbatarynda Owganystan bilen serhetdeş tire-taýpalar regionynda amala aşyrylan howa zarbalarynyň netijesinde 43 söweşijiniň öldürlendigini aýtdy.

Harbylar söweşijileriň 20-nji awgustda Demirgazyk Waziristan regionynyň iki obasynda öldürlendigini habar berdiler.

Howa zarbalaryndan soň baş general Asim Bajwa Demirgazyk Waziristanyň Şawal obasynda guryýer operasiýalaryň başlanýandygyny yglan etdi.

Analitikleriň pikiriçe, bu operasiýalaryň harbylaryň regiondaky çäreleriniň jemleýji tapgyryna geçendigini aňladýar.

Pakistanyň goşuny 2014-nji ýylyň iýun aýyndan bäri regiondan ýerli we daşary ýurtly söweşijileri gysyp çykarmak boýunça harby operasiýa geçirýär.

Pakistanyň harbylary regionyň territoriýasynyň 90%-ni söweşijilerden arassalap, olaryň 3 müň çemesini öldürendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG