Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident: Işleriň hili ýokarlanmaýar


Balkanabat, elektrik transformatory
Balkanabat, elektrik transformatory

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji awgustda geçiren hökümet maslahatynda öz tabşyryklarynyň gereginçe ýerine ýetirilmeýändigini, işleriň hiliniň ýokarlanmaýandygyny aýdyp, ýene kadr çalşygyny geçirdi.

Türkmen metbugaty ýurduň energetika ministri Geldi Saryýewiň wezipesinden, hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň, mejlisiň başlygynyň bolsa Aşgabadyň abdanlaşdyrylyşyna gözegçilik etmekden boşadylandygyny habar berýär.

Türkmen telewideniýesiniň beren maglumatyna görä, prezident Saryýewiň ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalara ýaramaz gözegçilik edýändigini aýdypdyr.

Şeýle-de ol soňky döwürde ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde döreýän bökdençlikler zerarly ilatdan, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan köp sanly arza-şikaýatyň gelýändigini tassyk edipdir.

Geldi Saryýewiň energiýa ministri wezipesinde işlän bir ýyldan gowrak wagtynda üç gezek käýinç alandygy aýdylýar. Emma muňa garamazdan, bu pudakda «edilýän işleriň hili ýokarlanmaýar, ministr tarapyndan maýa goýum meýilnamalary ýerine ýetirilmeýär» diýip, prezident aýdypdyr.

Şol bir wagtda ministriň «maýa goýum meýilnamalaryny ýerine ýetirmezliginiň» anyk sebäpleri aýdylmaýar.

Mundanam başga, ýerlerde elektrik energiýasynyň ulanylyşy bilen bagly geçirilen barlaglaryň köp sanly düzgün bozmalaryň üstüni açandygy habar berilýär.

«Elektrik energiýasynyň sarp edilişine talabalaýyk gözegçilik edilmeýär, köp sanly hasaba alynmadyk, elektrik energiýasyny bikanun ulanýan sarp edijileriň bardygy ýüze çykaryldy» diýip, prezident aýdýar.

Hökümet maslahatynda ýurtdaky elektrik stansiýalarynyň, «tehniki sebäplere» görä, doly güýjünde işledilmeýändigi hem bellenildi. Ýöne ol «tehniki sebäpleriň» jikme-jiklikleri, ýa-da ol sebäpleri döredýän sebäpler, olary aradan aýyrmagyň ýollary barada anyk maglumatlar berilmedi.

Döwlet baştutany «ýurdumyzda energiýa üpjünçilik we energiýa howpsuzlyk ulgamlary hem talabalaýyk işlemeýär» diýdi we şu kemçilikler üçin ministriň alyp barýan işinden «umuman gaty nägiledigini» aýdyp, ony wezipesinden boşatdy.

Käýinç berilse-de, hil ýokarlanmaýar

Geldi Saryýew ministr wezipesine 2014-nji ýylyň aprelinde bellenipdi we soňky käýinjini geçen hepde, ministrligiň daşary ýurt walýutasyndaky girdeji planyny ýerine ýetirip bilmändigi üçin alypdy.

Türkmen telewideniýesi Saryýewiň hökümet maslahatynda «hormatly prezidentim, maňa uly ynam bildirdiňiz, men şol ynamy... doly öwezini dolup bilmedim" diýendigini habar berýär.

Ýurduň energetik ministri wezipesine ozal ministriň orunbasary bolup işlän Döwranmämmet Rejebow bellenipdir. Ýöne ol özüne täze wezipesinde nähili işlejegini düşündirmek üçin berlen sözde anyk bir zat aýtmaýar.

Şeýle-de maslahatda Aşgabadyň 2017-nji ýylda, ýapyk binalarda söweş sungatlary boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýar edilmegi baradaky meselä dolanylyp gelnipdir.

Ministrler kabinetiniň mundan öňki maslahatynda Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy boýunça geçirilen barlagda ýüze çykarylan kemçilikler esasynda şäher häkimi Rejepgeldi Nurmämmedow wezipesinden boşadylypdy.

Prezident Berdimuhamedow şu ýylyň fewralynda bir karara gol çekip, hökümet başlygynyň orunbasarlaryny we mejlisiň başlygyny Aşgabadyň etraplaryndaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişine jogapkär edip belläpdi.

Prezident anna güni bu karardan gelip çykýan wezipeleriň hem ýerine ýetirilmändigini aýtdy.

Döwlet baştutanynyň täze kararyna laýyklykda, indi paýtagtyň abadanlaşdyrylyşyna, Aşgabatda gurulýan desgalara, şol sanda Aziýa oýunlary bilen bagly gurluşyklara Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew gözegçilik eder.

Prezident öz orunbasaryna Aşgabadyň 2016-njy ýylyň tomsuna çenli Aziýa oýunlaryny geçirmäge doly taýýar edilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG