Sepleriň elýeterliligi

YD-nyň 2-nji lideri öldürildi


Obama adminstrasiýasy «Yslam döwleti» diýilýän jeňçi toparyň 2-nji derejeli uly lideriniň öldürilendigini aýdýar.

Ol şu hepdäniň başynda Yraga urlan howa zarbalarynda öldürilipdi. Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Ned Praýs Fahdi Ahmad al-Haýaliniň Yragyň demirgazyk şäheri Mosulyň golaýynda maşynly barýan wagtynda, 18-nji awgustda öldürilendigini aýtdy.

Ol «Yslam döwleti» toparynyň baştutany Abu Bakr al-Bagdadiniň uly orunbasary bolup, Yrak bilen Siriýanyň arasynda uly möçberde ýarag, partlaýjy, ulag we adam geçirmek işlerine ýolbaşçylyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG