Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Hytaý harby maşk geçirýär


Orsýet bilen Hytaý Ýapon deňzinde bilelikdäki harby deňiz we howa goranyş maşklaryna başlady.

Orsýetiň harbylary 21-nji awgustda bu türgenleşigiň 28-nji awgusta çenli dowam etdiriljegini, oňa iki ýurtdan 22 gäminiň, 20 çemesi uçaryň, 500-den gowrak harby gullukçynyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Synçylar Ukraina üstünde Günbatar bilen gatnaşyklary ýaramazlaşýan Moskwanyň Pekin bilen gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG