Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türk mediasy Türkiýäniň Siriýa bilen serhediň esasy ýerlerinde 45 km uzynlykdaky beton haýaty guramaga başlandygyny aýdýar.

Hususy eýeçilikdäki «Dogan» habarlar gullugy 21-nji awgustda Hataý welaýatyndaky Reýhanli şäheriniň golaýyndaky serhetde eýýäm 12 km uzynlykdaky haýatyň dikeldilendigini habar berdi.

Bu ýer Siriýa serhet arkaly gaçakçylyk edilýän esasy nokatlaryň biri hasaplanýar. Resmiler bu habara bada-bat düşündiriş bermediler.

Türkiýe öz serhedini berkidip, daşary ýurt söweşijileriniň Türkiýäniň üstünden Siriýa girmeginiň öňüni almak üçin çäre görmäge başlady.

XS
SM
MD
LG