Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň 'Eýran planlary' açylýar


Ysraýylyň Kanal 2 TV-si 21-nji awgustda soňky ýyllarda Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgaly ýerlerine zarba urmak planynyň öňüniň aýry-aýry ýagdaýlarda üç gezek petiklenendigini habar berdi.

Ozalky goranmak ministri Ýehud Baragyň telewideniýe stansiýasy tarapyndan ele salnan ses ýazgysynda Barak özüniň Eýrana zarba urmak planlaryny düzendigini, olaryň premýer-ministr Benýamin Netanýahu tarapyndan tassyklanandygyny aýdýar.

Ol Ysraýylyň goşun başlygy Gabi Aşkanaziniň 2010-njy ýylda planlaşdyrylan hüjümiň öňüni baglandygyny, onuň ysraýyl goşunynyň bu hüjümi amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklamakdan boýun gaçyrandygyny aýdýar.

Ikinji hüjüm ysraýyl ministrleri Moşe Ýaaalon bilen Ýuwal Steýntsiň yza çekilmegi zerarly başa barmandyr.

2012-nji ýyldaky plan bolsa, Ysraýylyň ABŞ bilen geçirýän harby maşklary zerarly, wagty däl diýen esasda goýbolsun edilipdir.

XS
SM
MD
LG