Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Pakistana duýduryş berýär


Hindistan Pakistana iki ýurduň arasynda planlaşdyrylýan ýokaray derejeli gepleşikleriň öňünden Kaşmiriň separatist liderleri bilen duşuşmazlyk barada duýduryş berendigini aýdýar.

Hindistan geçen ýyl separatistler bilen şu hili duşuşyk sebäpli ýadro ýaragly iki goňşynyň arasynda geçirilmeli gepleşikleri goýbolsun edipdi.

Hindistanyň Daşary işler ministrligi 21-nji awgustda Pakistanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Sartaj Aziziň 23-nji awgustda Nýu-Delide, hindi kärdeşi Ajit Dowal bilen duşuşmazyndan öň, separatistler bilen duşuşmagy «ýerlikli» bolmaz diýdi.

XS
SM
MD
LG