Sepleriň elýeterliligi

BMG Makedoniýany serhetde düzgüne çagyrýar


BMG Makedoniýanyň pitnä garşy polisiýasynyň serhetde Gresiýadan geçmekçi bolýan migrantlary dargytmakda ulanylmagyndan alada bildirdi.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Antonio Gutters 21-nji awgustda telefonda Makedoniýanyň daşary işler ministri Poposki bilen gürleşdi.

Gutters Poposkä Makedoniýanyň öz serhedini düzgün esasynda, bosgunlara hormat goýmak bilen dolandyrmalydygyny aýtdy.

21-nji awgustda polisiýa ýapyk serhetden geçmäge synanyşan bosgunlary dargytmak üçin göz ýaşardyjy gazlary, gaty gümpüldili ses çykarýan ýaraglary ulandy.

XS
SM
MD
LG