Sepleriň elýeterliligi

UNESCO: Gadymy miras ýok edilýär


YD biraz öň gadymy eksponatlary öwrenýän alym Haled al-Asaadyň kellesini kesdi.

YD biraz öň gadymy eksponatlary öwrenýän alym Haled al-Asaadyň kellesini kesdi.

«Yslam döwleti» diýilýäniň Siriýadky we Yrakdaky ekstremistleri Ikinji Jahan Urşundan bäri gadymy ýadygärlikleriň saklanyp galan ýerlerini «iň ýowuz, yzygiderli» weýran edijiler boldular diýip, BMG-niň medeni gullugynyň başlygy 21-nji awgustda aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet guramasynyň başlygy Irina Bokowa bu sözleri jeňçiler merkezi Siriýada 1500 ýyl mundan ozal gurlan gadymy buthanany ýykanlaryndan soň aýtdy.

Ol AP habar gullugyna beren gürrüňinde bu ýerde edip boljak esasy zadyň ogurlanan we talanan gadymy eksponatlaryň satylmagynyň öňüni alyp, jeňçileri olardan geljek bol girdeji akymyndan mahrum etmekden ybaratdygyny aýtdy.

YD jeňçileriniň soňky döwürdäki hüjümleri olaryň gadymdan miras galan ýadygärlikleri ýumurmak we talamak kampaniýasyny has ýygjamlatmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlary köpeltdi. Şaýatlar jeňçileriň 20-nji awgustda merkezi Siriýadaky Merhemetli Elian buthanasyny buldozer bilen ýykandyklaryny aýtdylar.

YD biraz öň gadymy eksponatlary öwrenýän alym Haled al-Asaadyň kellesini kesdi. Ol bütin ömrüni Siriýadaky Palmyra harabaçylygyna, Ýakyn Gündogardaky iň baý arheologiýa nokadyna gözegçilik etmeklige bagyşlapdy.

YD tarapyndan Palmyrada öldürilen arheolog Haled al-Asaad.

YD tarapyndan Palmyrada öldürilen arheolog Haled al-Asaad.

50 ýyldan gowrak Palmyra ýadygärlikleriniň başlygy bolup işlän Asaadyň ýakynda 83 ýaşy doldy diýip, onuň ogly «New York Times» neşirine aýtdy.

Geçen ýyl Siriýanyň we Yragyň üçden birine golaýyny basyp alan YD jeňçileri metjitleri, ybadathanalary, arheologiki ýerleri ýumrup, Yrakdaky Nimrud, Hatra we Dura Europos ýadygärlik ýerlerine uly zyýan ýetirdiler.

"Biz Ikinji Jahan urşundan bäri muňa meňzeş zady görmändik» diýip, Bokowa YD-nyň gadymy ýadygärliklere garşy amala aşyrýan ýykgynçylygynyň möçberinden söz açdy. «Meniň pikirimçe, bu dünýä mirasyny ýok etmek üçin edilýän iň gazaply we yzygiderli synanyşyk» diýip, ol aýtdy.

Ol bu ýerde dünýäniň ekstremistleriň has kän zyýan ýetirmeginiň öňüni almak üçin kän bir iş edip bilmejegini, onsoň gadymy eksponatlaryň gaçakçylygyny togtatmagyň ileri tutulmalydygyny belledi.

Bokowa YD sosial ulgamlarda merkezi Siriýadaky Kariatan şäheriniň golaýynda Merhemetli Elian buthanasyny boldozerleýşini görkezýän suratlary ýerleşdirerinden soň çykyp gürledi. YD bu şäheri awgustyň başynda ele geçiripdi.

Golaýda Kariatandan Damaska gaçyp atan adam jeňçileriň buthanany ýumrup, onuň jaňlaryny aýrandyklaryny aýtdy. Ol adam Kariatandaky garyndaşlaryna zyýan ýetirmekden gorkup, adynyň aýdylmazlygyny sorady we BMG-ni hristianlary we hristian ýadygärliklerini goramaga çagyrdy.

Hristian Assiriýa adam hukuklary guramasynyň başlygy Osama Edward Siriýanyň hökümet güýçleriniň soňky iki hepdede bu ýere atan top oklarynyň bu buthana mazaly zyýan ýetirendigini aýtdy. "Daýeş ýykgynçylygy dowam etdirdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, YD jeňçileri Kariatany basyp alanlaryndan gysga wagt soň 230-den gowrak ýaşaýjyny, şol sanda hristianlary alyp gaçypdyr.

Aktiwistler soň hristanlaryň käbiriniň boşadylandygyny, emma galanlarynyň ykbalynyň belli däldigini aýtdylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG