Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri polisiýasy ýaşaýjylar bilen çaknyşdy


Azerbaýjanyň Miňaçewir şäherinde polisiýa bilen ýaşaýjylar çaknyşdy, bu waka bir ýaş azerbaýjanlynyň ýerli polisiýada sorag edileninden soň öli tapylmagy sebäp boldy.

Polisiýa işgärleri ýerli polisiýa başlygy Alasgar Badalowyň işden çekilmegini talap edýän mähelläni dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz, ses çykarýan bombalary ulandy. Polisiýa birnäçe protestçini tussag etdi.

Polisiýanyň çap eden wideoýazgysynda 27 ýaşyndaky Bahruz Hajiýewiň 21-nji awgustda polisiýa stansiýasyna girip barýandygy görkezilýär.

Polisiýa onuň sorag edilýän mahaly äpişgeden bökendigini aýdýar. Olar onuň näme üçin sorag edilendigini aýtmaýarlar.

Hajyýewiň kakasy Azatlyk radiosynyň Azeri gullugyna oglunyň jesedinde bir topar gök tegmiliň bardygyny aýtdy. Ol polisiýanyň ogluny ölýänçä ýenjip, soň üçünji gatdan aşak zyňandygyny çaklaýar.

XS
SM
MD
LG