Sepleriň elýeterliligi

Ozalky prezidentlige kandidat Mikalaý Statkewiç, bäş ýyla golaý tussaglykdan soň birden azat edilip, Minskä geldi.

Ol onlarça dogan-garyndaşy we dostlary, oppozisiýa liderleri we beýleki goldawçylary tarapyndan Minskiniň gündogaryndaky demirýol stansiýasynda şowhun bilen garşy alyndy.

Statkewiç prezident Aleksandr Lukaşenkonyň 22-nji awgustdaky günä geçmesi esasynda, ýene bäş adam bilen bilelikde azatlyga goýberildi.

Hukuk goraýjy guramalar olaryň hemmesini syýasy tussag hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG