Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe migrant Makedoniýa girdi


Azyndan 2 müň migrant, makedon polisiýasynyň ýollaryny baglajak bolmagyna garaman, 22-nji awgustda Gresiýadan Makedoniýa girdi.

Grek-makedon serhedindäki baş-başdaklykda birnäçe adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Müňlerçe migrant, esasan Siriýadan gelen bosgunlar bu ýere toplanyp, Ýewropa Bileleşiginiň demirgazykdaky ýurtlaryna geçmäge çalyşýarlar.

Makedon polisiýasy biraz öň ýagdaýlaryň kontrol astyndadygyny, kiçiräk migrant toparlarynyň, çagaly adamlaryň serhetden geçmegine rugsat berýändiklerini aýtdylar.

300 migrantly ilkinji otly 22-nji awgustda irden Makedoniýanyň Gewgelija şäherinden Serbiýanyň serhedindäki Tabanowçe şäherine ugrady.

Birnäçe müň migrant, makedon polisiýasy serhedi baglanyndan soň, gijäni grek we makedon serhediniň aralygyndaky ýerlerde geçirdi.

XS
SM
MD
LG