Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow awtoýaryşa gatnaşdy


22-nji awgustda Aşgabatda «Alfa-Romeo-2015» kubogy ugrunda awtosport ýaryşy geçirildi.

Türkmen metbugaty ýaryşa türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşandygy habar berýär.

Ýaryşa gatnaşýanlar Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýodasyndan Gökderä baryp, yzyna gelýänçe 57 km uzaklykdaky dag ýoluny geçdi.

Döwlet eýeçiligindäki media prezidentiň münen 7 nomerli «Alfa Romeo» awtoulagynyň pellehana birinji bolup gelendigini habar berýär.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, prezident Berdimuhamedow 57 km aralygy 26 minut 10 sekuntda geçmegi başarypdyr.

XS
SM
MD
LG