Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply mugallym weloýörişini tamamlady


Halaçly mugallym Rozygeldi Döwletow Köneürgenç-Daşoguz-Aşgabat-Mary-Lebap marşruty boýunça nobatdaky welosiped ýörişini tamamlady diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Ol bu aralygy gadymy Idris baba medresesininiň ýanyndaky dogduk mekanyndan, Magtymguly obasyndan başlap, 21 günde geçipdir.

57 ýaşyndaky Rozygeldi Döwletowyň, weloýörişden başga, Köýtendagyň ýurt içindäki iň belent nokadyna – 3139 metr belentlige hem çykandygy aýdylýar.

Indi onuň Garagum derýasy arkaly gämide ýurduň gündogaryndan günbataryna çenli ýüzüp geçmäge taýýarlanýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG