Sepleriň elýeterliligi

DynCorp nyşana alnandygyny tassyk edýär


ABŞ-nyň halkara DynCorp firmasy öz Kabuldaky işgärleriniň 12 adamy öldüren ulag bombasy bilen nyşana alnandygyny tassyk etdi.

Bu hüjümde şertnama astynda işleýän üç amerikaly hem wepat boldy, şeýle-de hadysada azyndan 60 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

22-nji awgustda öldürilenleriň we ýaraly bolanlaryň köpüsi owganystanly asuda adamlar boldy.

Janyndan geçen bombaçy maşynly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän köçesindäki keslehananyň gapdalyna gelip, NATO konwoýynyň hataryndaky bronly maşyna, DynCorp firmasynyň eýeçiligindäki ýük ulagyna tarap sürdi.

Bomba ýarylanda bir amerikan şertnamaçysy wepat boldy, ikisi ýaralandy we soň hassahanada ýaralaryndan jan berdi. DynCorp Owganystandaky NATO missiýasy we owgan harbylary bilen tälim, howpsuzlyk, awiasiýa serenjamy boýunça hyzmatdaşlyk edýän amerikan kompaniýasydyr.

XS
SM
MD
LG