Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Eýran banky bilen işleşmek isleýär


Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond

Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond Tährandaky diplomatiki maýylganlykdan soň Britaniýa Eýranyň Merkezi banky bilen işleşip, Angliýadaky banklaryň Eýrandaky söwda hem-de inwestisiýa işlerini maliýeleşdirmegini aňsatlaşdyrmak isleýär diýdi.

Hammond bu sözleri 23-nji awgustda Tähranda Waliollah Seýf, Eýranyň Merkezi bankynyň gubernatory bilen duşuşyk mahalynda aýtdy.

Ol, dünýäniň iri alty döwleti bilen Eýranyň arasynda Tähranyň ýadro programmasy babatda gelnen ylalaşyk esasynda sanksiýalar ýatyrylsa, Angliýanyň kommersiýa we senagat biznesiniň Eýran bilen işleşmek höwesiniň ägirt uludygyny aýtdy.

Hammond Britaniýanyň maliýe guramalarynyň bu işler goldamak isleýändigini, emma onuň dogry esaslarda edilmeginiň gerekdigini aýtdy.

Seýf Eýran bilen Britaniýanyň geçmişde oňyn gatnaşyklarynyň bolandygyny aýtdy we indi şol tejribelere daýanyp, täzeden hyzmatdaşlyk edip boljagyny belledi.

Hammond biraz öň Tähranda dört ýyl mundan ozal, protestçileriň ilçihananyň binasyna zabt etmegi netijesinde ýapylan britan ilçihanasyny gaýtadan açdy.

Eýran, protestçiler Britan ilçihanasynyň daşynda toplanýar, 29-njy noýabr, 2011 ý.

Eýran, protestçiler Britan ilçihanasynyň daşynda toplanýar, 29-njy noýabr, 2011 ý.

Hammond 23-nji awgustda, Tähran bilen Günbatar döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrmagyň taryhy ädimini ädip, britan ilçihanasyny açyk diýip yglan etdi we Tähranyň merkezindäki 19-njy asyr binasynyň howlusynda Ýunion Jak baýdagyny galdyrdy.

Hammond we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarif 23-nji awgustda giçlik Tähranda metbugat ýygnagyny geçirmeli.

Hammond Londondan Tährana ugramazyndan öň çap eden beýanatynda gatnaşyklaryň 2011-nji ýyldan bäri gowulandyrylandygyny aýtdy we Eýranyň hem Londondaky ilçihanasyny 23-nji awgustda gaýtadan açmagy planlaşdyrýandygyny habar berdi.

London, Eýranyň ilçihanasy, 20-nji awgust, 2015 ý.

London, Eýranyň ilçihanasy, 20-nji awgust, 2015 ý.

Şu aralykda, Eýranyň döwlet kontrollugyndaky ISNA habar gullugy Eýranyň Londondaky ilçihanasynyň 23-nji awgustda, şol bir wagtyň özünde gaýtadan açylandygyny habar berdi.

Hammond ilçihanalaryň başda ähli işleriň ynanylan wekilleri derejesinde işlejegini, ilçiler meselesinde bolsa birnäçe aý içinde ylalaşyljagyny aýtdy.

Britaniýa Londondaky eýran diplomatlaryny 2011-nji ýylda, gaharly mähelle Tährandaky Britan ilçihanasyna kürsäp girip, onuň içindäki zatlary talanyndan soň ýurtdan çykarypdy.

Bu iki ýurduň bir-birindäki ilçihanalaryny gaýtadan açmagy dünýäniň iri alty döwleti bilen Eýranyň arasynda Tähranyň ýadro programmasy barada iýul aýynda gelnen ylalyşygyň yz ýanylaryna gabat gelýär, bu ylalaşyk Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalaryny ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmaga rugsat berýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG