Sepleriň elýeterliligi

Pakistan-Hindistan gepleşikleri goýbolsun edildi


Birleşen Ştatlar 23-nji awgustda Pakistan bilen Hindistanyň arasynda howpsuzlyk geňeşçileriniň derejesinde geçirilmeli gepleşikleriň goýbolsun edilmeginden lapykeç bolandygyny bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi Waşington Hindistany we Pakistany formal dialogy tizlikde gaýtadan başlamak synanyşygyna hyjuwlandyrýardy diýdi.

Nýu-Delide 23-nji awgustda geçirilmeli gepleşik 22-nji awgustda, duşuşygyň gün tertibi we Pakistanyň daşary işler ministriniň ahyrynda «bu duşuşyk hiç bir zada ýaramaýar» diýmegi bilen goýbolsun edildi.

Bu iki ýurt gepleşikleriň töwekgellik astyndadygyny aýdyp, hepdeläp bir-birini aýyplady.

XS
SM
MD
LG