Sepleriň elýeterliligi

Türk sudy üç häkimi tussag etdi


Türk sudy ýurduň kütleriň agdyklyk etmegindäki günorta-gündogar etraplarynyň üç häkimini, hamala sebitde kürtleriň öz-özüni dolandyrmagyna çagyrylmagyny goldap, milli bütewiligi bozmak aýyplamalary esasynda tussag etdi.

Tussag astyna alnanlaryň arasynda Diýarbekir şäheriniň Sur etrabynyň egindeş häkimleri Saýid Narin we Fatma Sik Barut, Silwan şäheriniň häkimi Ýüksel Bodakçi hem bar.

«Anatolia» habar gullugy olaryň «döwletiň birligini bozup, ýurduň bütewiligini bozmaga çalyşmakda» aýyplanandygyny ýazýar.

Olaryň sudunyň haçan başlanjagy belli bolmady.

XS
SM
MD
LG