Sepleriň elýeterliligi

“Samsung” we “Apple” kompaniýalarynyň arasyndaky bäsdeşlik eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýär. Hususanda, soňky döwürler “Samsung” kompaniýasy bu bäsdeşlikde gaýduwsyz ädimler ätmek bilen öňe saýlanýar.

Kompaniýa bu gezekki ädimi arkaly “Apple” ulanyjylarynyň ünsüni özüne çekmegi maksat edinýär.

“The Ultimate Test Drive” atly kompaniýa Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky “iPhone” ulanyjylaryna jemi 1 amerikan dollary töläp, 1 aý wagtyň dowamynda “Samsung” kompaniýasynyň “Galaxy Note 5”, “Galaxy S6”, “Galaxy S6 Edge” we “Galaxy S6 Edge+” modellerini pulsuz ulanyp görmek mümkinçiligini hödürleýär.

“Sumsung” bu kampaniýasy arkaly öz tehnologiýa enjamlarynyň satuwyny artdyrmagy planlaşdyrýar.

Bu kampaniýa gatnaşmak isleýänleriň SamsungPromotions.com websaýtynda hasaba ýazylmagy soralýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG