Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan-D.Garabag pidalar barada habar berdi


Azerbaýjan we onuň bölünen Daglyk-Garabag regiony tutaşan soňky zorlukda “duşmanyň ýaragly güýçleriniň arasynda pidalaryň” bolandygyny aýtdylar.

Araçäkde bäş ermeni esgeriniň öldürlendigi we sekiz esgeriň ýaralanandygy Azerbaýjanyň Goranmak ministrligine salgylanyp 24-nji awgustda habar berildi. Maglumatda 22-nji awgustda “ermeni goşunlarynyň diwersiýaly hereketiniň” netijesinde üç azeri esgeriniň ýaralanandygy aýdyldy.

Şol bir wagtyň özünde-de Daglyk Garabagyň de-fakto ýagny iş ýüzündäki goranmak ministri dynç günleriniň dowamynda Azerbaýjanyň güýçleriniň regionyň pozisiýalaryny oka tutandygyny we dört azerbaýjan esgeriniň öldürilip, 15-den gowragynyň ýaralanandygyny 24-nji awgustda aýtdy.

Habar berilýän bu wakalary tassyklaýan garaşsyz maglumat bolmady.

Baky we Ýerewan Azerbaýjanyň bölünen Daglyk-Garabag regionynyň daşynda asyryň soňky çärýeginiň dowamynda dawalaşýarlar.

Ermenistanyň goldamagyndaky separatistler esasan ermeni ilatly regiony 1990-njy ýyllaryň başyndaky uruşyň netijesinde Azerbaýjandan bölüp aldylar. Uruşda 30 müň çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG