Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Garaşsyzlyk baýramyny belledi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Müňlerçe harby gullukçy Kiýewiň merkezinde ýöriş geçirip Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününi belledi.

24-nji awgustda geçirilen paradda eden çykyşynda prezident Poroşenko Ukrainanyň öz harbylarynyň sanyny artdyrmagyny dowam etdirjekdigini we ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistleriň hüjümlerine garşy durjakdygyny aýtdy.

Konflikt 2014-nji ýylyň aprel aýynda başlanaly bäri 6 800 müňden gowrak adam wepat boldy.

Ok atyşygy bes etmek barada şu ýylyň fewral aýynda Minskde gelnen ylalaşyk yzygiderli bozulýar. Geçen hepdede Ukrainanyň gündogarynda zorlugyň güýçlenendigi habar berildi.

Poroşenkonyň Minsk ylalaşygy meselesini Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen 24-nji awgustda geçirjek gepleşiklerinde maslahat etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG