Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet rubly ýene gowşady


Orsýet rubly we ýewro
Orsýet rubly we ýewro

24-nji awgustda Moskwanyň walýuta alyş-çalyş nokady açylanda ABŞ-nyň dollarynyň we ýewronyň hümmeti Orsýetiň rubluna garanda ýene artdy.

Bir amerikan dollarynyň bahasy 70.75 rubl derejesine ýetdi. Bir gün ozal bu görkeziji 1.65 rubl tapawut edýärdi.

Ýewronyň bahasy 2.44 rubl möçberinde gymmatlady we bir ýewro 81.08 rubla barabar boldy.

Walýutalaryň ikisiniň-de alyş-çalyş görkezijileri fewral aýyndan bäri iň ýokary derejelerine ýetdi. 24-nji awgustda Orsýetiň esasy eksport girdejisi bolan nebitiň bahasynyň pese gaçmagy hem dowam etdirildi.

Brent we ABŞ-nyň çyg nebit önümleriniň bahasy soňky 6.5 ýylda iň pes derejä ýetdi we global derejede nebitiň aşa köp möçberde hödürlenmegi we Hytaý tarapyndan oňa bolan talabyň gowşamagynyň ähtimallygy bilen bagly aladalanmalary güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG