Sepleriň elýeterliligi

Şibirganda adam pidaly partlama boldy


Owganystanyň demirgazygynda ulaga goýlan bombanyň partladylmagy zerarly bir adam wepat boldy we ikisi ýaralandy.

Jawzjan welaýatynyň polisiýasy partlamanyň 24-nji awgustda Şibirgan şäherinde bolandygyny aýtdy.

Söweşijileriň tomusky hüjüm möwsüminde ýurduň demirgazygyna hüjümlerini güýçlendiren döwründe Şibirganda parahatçylyk saklanypdy.

Asly Jowzjanly wise-prezident Abdul Reşit Dostum Şibirganda ýerleşýär. Ol ýakynda Owganystanyň demirgazygynda “Talybana” we beýleki söweşijilere garşy öz söweşijileri bilen söweşe başlapdy.

XS
SM
MD
LG