Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda hytaýly zamun boşadyldy


Pakistanyň içeri işler ministri ençeme aý bäri “Talyban” tarapyndan zamun saklanan hytaýly syýahatçynyň hökümetiň geçiren çäreleriniň netijesinde boşadylandygyny aýtdy.

Çaudhry Nisar Ali Hanyň aýtmagyna görä, boşadylan adam tiz wagtda Hytaýa tabşyrylar.

Han bu adamyň şahsyýetini we ony halas ediş çäresiniň jikme-jiklerini takyklaşdyrmady.

“Talyban” tarapyndan zamun alnan tanalýan ýeke-täk hytaýly Hong Ksudong 2014-nji ýylyň maý aýynda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Dera Ismail Han şäherinde ogurlanypdy.

Onuň ogurlanmagyny Pakistanyň “Talyban” guramasyndan bölünen topar öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG