Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa-Makedoniýa: Migrantlar serhetden geçdi


Makedoniýanyň we Gresiýanyň serhediniň golaýynda, 23-nji awgust, 2015.
Makedoniýanyň we Gresiýanyň serhediniň golaýynda, 23-nji awgust, 2015.

23-nji awgustda müňlerçe migrant Gresiýadan Makedoniýa serhetden päsgelçiliksiz geçdi. Howpsuzlyk güýçleriniň birnäçe gün dowam eden gapma-garşylykdan soň Balkanlaryň üsti bilen Günbatar Ýewropa barýan migrantlaryň akymyny saklamakdan el çekene meňzeýär.

Ýöriteleşdirilen polisiýa Makedoniýanyň Gresiýa bilen serhedinde ýerleşdirilen hem bolsa bu ýerde jemlenen migrantlary saklamak üçin çäre görmedi.

Migrantlaryň köpüsi Siriýadan we Ýakyn Gündogardaky beýleki konflikt zolaklaryndan gaçyp çykan adamlar.

19-njy awgustda Makedoniýa adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we migrantlar üçin günorta serhedini ýapdy.

Günde 2000 çemesi adamyň Serbiýa, Wengria we Ýewropa Bileleşiginiň wizasyz Şengen zonasyna geçendigi habar berildi. Makedoniýanyň köçe polisiýasy 22-nji awgustda märekäni dargatmak üçin gözi ýaşardýan gazy we sesli granatalary ulandy.

XS
SM
MD
LG