Sepleriň elýeterliligi

Gazak teňňesi güýçlenip başlady


Gazagystanyň milli puly teňňe geçen hepdede amerikan dollary babatynda güýçli pese düşmeginden soň hümmetini dikeldip başlady we 24-nji awgustda 15% ýokarlandy.

Günüň başyndaky söwdalarda bir amerikan dollary 218.61 teňňä barabar boldy. Ozalky görkezijilerde bir amerikan dollary 252.47 teňňä barabardy.

Gazagystanyň hökümetiniň we Merkezi bankynyň milli puluň daşary ýurt pullaryna gatnaşygyny kesgitleýän çäklendirmelerini ýatyrýandyklaryny 20-nji awgustda yglan etmekleriniň yzýany teňňe öz hümmetiniň 25% ýitiripdi.

Teňňäniň hümmetsizlenmegi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem täsir ýetirdi.

XS
SM
MD
LG