Sepleriň elýeterliligi

Raýsina: Balam, gaýrat et!


"Men balama: 'Çagam, gaýrat et, seniň aladaňy edýärler. Gaýrat et!' diýesim gelýär"

"Men balama: 'Çagam, gaýrat et, seniň aladaňy edýärler. Gaýrat et!' diýesim gelýär"

Azatlyk Radiosynyň Balaknabatdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edilenine eýýäm bir aýdan hem aşa wagt geçdi. Nepesgulyýewiň garyndaşlaryna onuň bikanun neşe maddalary bilen tutulandygy aýdylypdyr.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Saparmämmediň 66 ýaşly ejesi – Raýsina Saryýewa bilen söhbetdeş bolup, ogly baradaky soňky maglumatlar bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Raýsina daýza, Saparmämmet bilen soňky gezek haçan habarlaşdyňyz?

Raýsina: Men [Saparmämmedi] soňky sapar iýulyň 5-ne irden görenim. Ol “konsulhanada käbir dokumentlik işlerim bar” we “ýol ugruna deňze çümüp çykaryn” diýip, Türkmenbaşa tarap ugrady.

Men seneleri anyk ýadymda saklap bilemok, şol sebäpden öňünden ötünç soraýaryn, ýöne ýalňyşmasam ol maňa ertesi - 6-na ikindinara jaň edip, “eje alada etme, men sag-gurgun, Nebitdaga ugramakçy bolýaryn” diýdi.

Men garaşdym... ertesi, soňky güni hem ogluma garaşdym. Ýöne çagamdan habar-hatyr ýok. Bar tanyş-bilişlerime hem jaň edip, perzendim bilen gyzyklandym. Hiç kim hiç zat bilenok.

Saparmämmet Nepesgulyýew

Saparmämmet Nepesgulyýew

Eger-de bolmaz iş bolaýan (ýogalan – red.) bolsa-da, onda bize habar ederdiler-ä ahyryn. Bir hepdeläp hiç hili ses-üýn bolmandan soň, men körpe oglumy alyp, şäheriň [Balkanabadyň] 5-nji mikroraýonyndaky polisiýa bölümine bardym.

Men ýürek agyryly, aýagym hem erbet agyrýar, gan basyşym hem ýokary... Onda-da men – ene, men perzendime näme bolandygyny bilmeli. Emma welin, baranymdan polisiýa işgärleri ýüzümi alyp goýberdiler.

Men “oglum ýitirim boldy, bir hepdeden bäri habar-hatyr ýok” diýip arza ýazmakçy bolanymda, polisiýada “ogluň nirede ýiten bolsa, bar ony şo taýdan gözle” diýip, gödek jogap berdiler. Garaz, meni polisiýa bölüminden kowup çykardylar hem diýse bolar.

Azatlyk Radiosy: Raýsina daýza, siz Saparmämmediň tussag edilendigi baradaky habary haçan we nähili ýagdaýlarda eşitdiňiz?

Raýsina: Başda maňa hiç zat mälim däldi. Emma soňundan bir ýaş ýigit gelip, Saparmämmediň tussag edilendigini aýtdy. Bagyşlaň, ýöne men [howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli] onuň şahsyýetini açyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Soňra näme etdiňiz?

Raýsina: Men kiçi oglumy alyp, dessine Türkmenbaşa tarap gitdim. Emma ol ýerde-de maňa hiç hili maglumat bermediler. Kiçi oglumyň üstüne dazarylyp, “ol seniň doganyň däl, nä ýalan sözleýäň?” diýip gygyrdylar. Saparmämmet meniň ilkinji nikamdan bolan çaga, şol sebäpli familiýasy hem beýleki çagalarymyňkydan tapawutlanýar.

Soňundan gyzym zerur hajatlar üçin gerek bolan zatlary alyp, Türkmenbaşynyň deslapky tussaghanasyna gitdi. Emma “Nepeskulyýewe hiç zat geçirmek bolanok” diýip, onuň hem ýüzüni alyp goýberdiler.

Azatlyk Radiosy: Raýsina daýza, Saparmämmet baradaky soňky maglumatlaryňyz nämeler?

Raýsina: Meniň bilýänim, ony aralykda Nebitdaga hem getiripdirler. Men geçen hepdäniň aýagynda, ýerli polisiýa edarasyna baryp “oglumy görkezýänçäňiz, sülçi bilen duşuşdyrýançaňyz gitjek däl” diýip dawa etdim.

Emma maňa “Nepeskulyýewiň özüniň we onuň işiniň Türkmenbaşa geçirilendigini” aýtdylar. Bar bolany şol. Ol ýeriniň ýolbaşçylarynyň biri bat bilen öňümde gapyny ýapdy. Oturan nobatçy bolsa meni iteläp daşary çykardy. Bular nähili adamlar?

Azatlyk Radiosy: Raýsina daýza, Saparmämmediň “neşe serişdeleri bilen tutulandygy” barada maglumatlar gowuşýar. Siz bu aýyplama nähili garaýarsyňyz? Saparmämmet ozal bular ýaly işlere baş goşupdymy?

Raýsina: Ýok. Men bildirilýän aýyplama hiç hili akyl ýetirip bilemok. Bu mümkin däl. Oňa ony [neşe serişdesini] ýörite oklandyrlar. Muny gurnandyrlar. Ol neşe ulanmaýardy. Biz meniň pensiýama ýaşaýardyk ahyryn.

Men ene, düşüniň! Men balama: “Çagam, gaýrat et, seniň aladaňy edýärler. Gaýrat et!” diýesim gelýär. Men şuny hem aýdyp bilmeýärin. Bu ne ahwal boldy?!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG